“Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Boeing 777-200 LR” uçarynda ýük daşamak hyzmatyny ýola goýdy.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň anna güni habar berşine görä, ilkinji uçuş şu ýylyň 26-njy fewralynda meýilleşdirilýär. Gatnaw anna günleri Hytaýyň Pekin şäherine we şenbe günleri Germaniýanyň Frankfurt şäherine amala aşyrylar.
Habarda bellenilişi ýaly, howa arkaly ýük gatnawlarynyň mart aýynyň ahyryna çenli synag görnüşinde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Awiakompaniýa eýýäm Ýewropa we Aziýa ýük daşamak üçin sargytlary kabul edýär. Uçuşlar 30-35 tonna ýük üçin niýetlenen häzirki zaman “Boeing” uçarlarynda amala aşyrylar.
Ýük daşamagyň netijeliligi gyzyklanýan taraplara gatnawlaryň ýygylygyny hasam artdyrmaga hem-de bar bolan we täze ugurlarda “Boeing” howa gämisi arkaly harytlaryň iberilmegini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda “Türkmenistan awiakompaniýasy" “IL-76” uçarynda Stambul we Abu-Dabi şäherlerine yzygiderli howa ýük gatnawlaryny amala aşyryp gelýär.