“Abadan haly” 5 ýaşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Abadan haly” 5 ýaşady
“Abadan”, “Sähra”, “Tolkun”, “Kümüş” ýaly birnäçe görnüşli halylar iň islegli önümler hökmünde tanalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen Büzmeýin etrabyndaky “Abadan haly” toplumynyň işe girizilenine 5 ýyl boldy.

Kompaniýanyň hünärmeni Baýram Ýewjanowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine aýtmagyna görä, häzirki wagtda kärhananyň ýyllyk haly we haly önümlerini öndürijilik kuwwaty 3 million inedördül metre barabar bolup, ol ýerde 700-e golaý hünärmen zähmet çekýär.

Önümçilik üçin gerek bolan çig mallar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Bu ýerde esasy bölümleriň 3-si hem-de birnäçe bölümçeler hereket edýär.

Kompaniýada ýokary hilli, berk haly we haly önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň bezeg-dizaýnerçilik bölümçesi dürli gölli, portret, peýzaž halylarynyň çyzgylaryny taýýarlaýar. Şol çyzgylar boýunça-da häzirki wagta çenli “Abadan”, “Sähra”, “Tolkun”, “Kümüş” ýaly birnäçe görnüşli halylar iň islegli önümler hökmünde tanalýar.

Toplumyň haly önümleri we polipropilen ýüplükleri Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edilýär. Kärhana Russiýa, şeýle hem Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri alyp barýar.

Kärhananyň önümleri birnäçe uly göwrümli sergilerde görkezilýär. Kompaniýa Gazagystanda geçirilen halkara sergisine, Türkiýede geçirilen “DOMOTEX” sergisine, Dubaýda geçirilen “INDEX” sergisine gatnaşdy.

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Awazada geçirilen ilkinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde geçirilen innowasiýa tehnologiýalarynyň sergisine gatnaşyjylar kärhananyň önümlerine ýokary hilli baha berdiler. Toplumyň önümleriniň “ISO 9001”, “ISO 14001”, “ISO 45001” ýaly üç sany halkara sertifikatlaryna eýedir.

“Abadan haly” AGPJ 2021-nji ýylyň 1-nji we 26-njy fewraly aralygynda Ýaponiýanyň söwda bileleşigi tarapyndan guralýan “Merkezi Aziýa - Wirtual EXPO (CAVEX)” atly onlaýn sergisine gatnaşýar. Onlaýn sergide kompaniýa ýokary hilli polipropilen ýüplüginden ýasalan haly önümlerini hödürleýär.

2022