Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň täze ilçisi sebitleýin taslamalary maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň täze ilçisi sebitleýin taslamalary maslahatlaşdylar
Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed

Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed sişenbe güni Döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen täze ilçi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy maksatlara hem-de bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz Pakistanyň Hökümetine Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny halkara giňişliginde goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Diplomat öz tarapyndan däp bolan türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

2022