“Andersen Global” türkmen hukuk firmasy bilen ylalaşyga gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Andersen Global” türkmen hukuk firmasy bilen ylalaşyga gol çekdi
“Andersen Global” -yň ýolbaşçysy “Altyn Kanunyň” ýurduň hukuk gurşawyny çuňňur bilýändigini we oňyn tejribesiniň bardygyny aýtdy.

“Andersen Global” hukuk firmalarynyň halkara birleşigi “Altyn Kanun” türkmen hukuk firmasy bilen birleşigiň Merkezi Aziýada ornuny has-da berkitmek üçin hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Bu barada “Andersen Global”-yň çarşenbe güni çap eden metbugat beýanatynda habar berilýär.

Beýanata görä “Altyn Kanun” 2008-nji ýylda döredilip, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän öňdebaryjy transmilli korporasiýalaryna, maliýe guramalaryna, maýa goýum gaznalaryna, döwlet edaralaryna we iri kompaniýalara ýerli we halkara derejesinde hukuk hyzmatlaryny hödürleýär. Dolandyryş hyzmatdaşy Kerim Akmamedowyň ýolbaşçylygyndaky köpugurly firma korporatiw hyzmatlary, söwda, kazyýet işi, dawa çözmek, zähmet, energiýa, gümrük, bank we salgyt ýaly ugurlarda öz maslahatlaryny berýär. Firma ykdysadyýetiň nebit-gaz, energiýa, himiýa senagaty, energetika, magdançylyk senagaty, dokma, gurluşyk, ulag we logistika ýaly dürli pudaklarynda hem öz hyzmatlaryny amala aşyrýar.

“Müşderilerimiziň islegleri elmydama işimiziň merkezinde bolar” diýip, Kerim Akmamedow belledi. “Birnäçe ýyl bäri kompaniýamyz müşderilere ýokary hilli hyzmatlary bermek bilen bir hatarda, olary iň ýokary ynsaplylyk we aç-açanlyk standartlaryny saklamagy bilen tanalýar. “Andersen Global” bilen hyzmatdaşlygymyz biziň hyzmatlarymyzyň gerimini giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy dowam etdirmekde ösüşimize uly itergi berýär”.

“Andersen Global” -yň ýolbaşçysy Mark Worsatz “Altyn Kanunyň” ýurduň hukuk gurşawyny çuňňur bilýändigini we oňyn tejribesiniň bardygyny aýtdy. “Gymmatlyklaryň gabat gelmegi we müşderileriň talaplaryna laýyk gelmek özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde sebitde işleriň geografiýasynyň giňelmegi bilen guramanyň çalt ösmegine goşant goşýar” diýip, baş direktor sözüni dowam etdi.

“Andersen Global” kanuny taýdan tapawutly, garaşsyz agza firmalaryň halkara birleşmesi bolup, dünýäniň dürli künjeginden salgyt we hukuk hünärmenlerini birleşdirýär. “Andersen Global” 2013-nji ýylda Amerikanyň “Andersen Tax LLC” kompaniýasy tarapyndan esaslandyryldy we häzirki wagtda onuň 253-den gowrak geografiki ýerlerde ýerleşýän agza we hyzmatdaş kompaniýalarynda 7000-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

2022