“Dostluk” uglewodorod ýatagynyň baýlyklarynyň 30%-i Azerbaýjanyň we 70%-i Türkmenistanyň paýyna düşer. Bu barada 21-nji ýanwarda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamany tassyklamak boýunça Azerbaýjanyň kanun taslamasynda aýdylýar.
Düýbi Bakuwda ýerleşýän “Report” agentliginiň penşenbe güni habar berşi ýaly, kanun taslamasy Azerbaýjanyň mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlendi.
Kanun taslamasyna laýyklykda, Azerbaýjan we Türkmenistan “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça geografiki çäklerini kesgitlärler.
Halkara bazarlaryna eksport etmek üçin niýetlenen “Dostluk” ýatagyndan alnan uglewodorod serişdeleriniň ugradylmagy bäsdeşlik şertleri esasynda Azerbaýjanyň bar bolan ulag we üstaşyr ulgamlarynyň üsti bilen hem-de nebit-gaz pudagynyň halkara derejesinde ulanylýan kadalara we tejribelere laýyklykda amala aşyrylar.
Şeýle hem, Türkmenistan bilen Azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy kadalaşdyrýan täze hökümetara şertnamasyny taýýarlar. Ylalaşygy taýýarlamak üçin bilelikdäki iş topary dörediler.