Ženewada Hazar deňzi sebitinde ulag logistika ulgamyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ženewada Hazar deňzi sebitinde ulag logistika ulgamyny maslahatlaşdylar
Maslahatyň dowamynda ulag logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy çarşenbe güni “Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy” atly mowzuk boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Onlaýn maslahat BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Maslahata Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň ilçileri hem-de wekilleri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda ulag logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar tarapyndan pandemiýa döwründe durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara hereketleriň üpjün edilmegi arkaly syýasy gatnaşyklaryň dowam edilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Onlaýn maslahatda türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzda 2021-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.