Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Şamuhammet Durdylyýew çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamasy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda “Aşgabat-siti” binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalary hem bardyr.
Görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Milli Liderimize “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle-de saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň taslamalary barada hem hasabat berildi.
Maslahatyň barşynda Döwlet Baştutanymyz 25-nji maýda paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip aýtdy.