Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanyň Prezidenti “Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamany tassyklady
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew (Surat: Prezident.az)

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sişenbe güni “Dostluk” ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyny tassyklamak boýunça kanuna gol çekdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi sahypasynda ýerleşdirilen resminamada habar berilýär.

Hazar deňizindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna 21-nji ýanwarda Aşgabatda gol çekildi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisi duşenbe güni özara düşünişmek Ähtnamasyny tassyklady.

“Dostluk” uglewodorod ýatagynyň baýlyklarynyň 30%-i Azerbaýjanyň we 70%-i Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

“Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça alyp barýan işleri Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň energiýa howpsuzlygyna oňyn goşant goşar” diýip, Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramow türkmen we türk kärdeşleri bilen bilelikde sişenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda belledi.

“Dostluk” ýatagy boýunça Ähtnamanyň gol çekilmegi Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasynyň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçen hepde geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022