Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini YHG liderleriniň sammitine gatnaşmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini YHG liderleriniň sammitine gatnaşmaga çagyrdy
Hatynyň ahyrynda Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we türkmen halkyna abadançylyk arzuw etdi. (Surat: "The Straits Times")

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) işine baha berip, Milli Liderimizi 4-nji martda onlaýn görnüşinde geçiriljek YHG liderleriniň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

“ORIENT.tm” agentliginiň anna güni habar bermegine görä, YHG liderleriniň sammiti “COVID-19-dan soňky döwürde ykdysady hyzmatdaşlyk” atly mowzukda geçiriler.

“Bu sammit global COVID-19 pandemiýasynyň çäginde 2020-nji ýyldaky wakalary we pandemiýadan soňky döwürde ykdysady dikeldiş işlerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder” diýip, Türkiýäniň Prezidenti aýtdy.

Hatynyň ahyrynda Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we türkmen halkyna abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana resmi sapary amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde nobatdaky Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan sammitiniň Türkmenistanda geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.