Duşanbe şäherinde "Stambul prosesiniň" 9-njy ministrler derejesindäki maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Duşanbe şäherinde "Stambul prosesiniň" 9-njy ministrler derejesindäki maslahaty geçiriler
Duşuşyga gatnaşyjylar Duşanbe Jarnamasy we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak bilen baglanyşykly taslama resminamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Täjigistanyň DIM-i)

“Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesiniň” çäklerindäki 9-njy ministrler derejesindäki maslahat 2021-nji ýylyň 29-30-njy mart aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky ilçisi 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Kabulda geçirilen sebitleýin başlangyçlara gatnaşýan ýurtlaryň ilçileriniň ýygnagynyň barşynda mälim etdi.

Täjigistanyň DIM-niň resmi sahypasynda anna güni habar berlişi ýaly, ilçileriň ýygnagynyň dowamynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Syýasy meseleler boýunça daşary işler ministriniň orunbasary Marwais Nab Täjigistan Respublikasynyň hökümetine bu işe bilelikde ýolbaşçylyk edendigi we Owganystana berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, “Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesi” hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak üçin oňyn platformadyr diýip belledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar onuň barşynda Duşanbe Jarnamasy, şeýle hem zenanlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak bilen baglanyşykly taslama resminamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesi” Owganystan bilen Türkiýäniň alyp barýan sebitleýin başlangyjy bolup, 2011-nji ýylda döredildi. Bu başlangyç Owganystanda we umuman sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we abadançylygy ýokarlandyrmak boýunça syýasy gepleşikler we sebit hyzmatdaşlygy üçin platforma bolup durýar. “Stambul prosesiniň” agzalary: Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Saud Arabystany, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri.

2022