Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň on üç ýyllygy mynasybetli 17-18-nji martda türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berilýär.
TSTB-niň 170 sany agzasy bu çärä gatnaşmaga isleg bildirdiler. Olaryň arasynda oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy we halk senetçiligi boýunça işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bardyr.
Şeýle hem Sergiler merkeziniň meýdançasynda döwrebap lybaslaryň “Ýaz-Tomus-2021” ýygyndysy görkeziler.
Mundan başga-da, TSTB-niň işewürlik merkezinde maslahat geçiriler. Bu maslahatda hususy bölegiň öňünde duran düýpli döwlet maksatnamalary boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň nukdaýnazarlary, iri döwlet sargytlaryny we maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmek, hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri we diýarymyzda öndürilýän harytlary daşary ýurtlara hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.