Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sişenbe güni Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, maslahata BMG-niň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenmesini okady.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýüzlenmesinde “Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli gutlamaga şatdygyny” belläp geçdi. Şeýle hem, “Türkmenistan möhüm agza-döwlet bolmak bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek arkaly Guramanyň maksatlaryna ýetmek işinde açyk we işjeň ähmiýetli orun eýeleýär” diýdi.
Ol şeýle-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, ýurtda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýerleşdirilmegi hem-de döwletiň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän köpsanly başlangyçlary, şol sanda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasy - biziň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna alyp barýan umumy ymtylyşlarymyza ähmiýetli goşant goşýar. Men yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlygymy bildirýärin we şu şanly sene mynasybetli mähirli gutlaýaryn” diýip, aýratyn belledi.