Türkmenistan 320 müň tonnadan gowrak nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 320 müň tonnadan gowrak nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirdi
Diňe fewral aýynda 240 müň 660 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçdi. (Surat: "Transneft")

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň çäginden 320 müň 460 tonna nebiti üstaşyr geçirdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Maglumatlara görä, diňe fewral aýynda 240 müň 660 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçdi.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soň ikinji orunda durýar. Gazagystanyň nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 2,14 million tonna (fewral aýynda 1,1 million tonna) barabar boldy.

Şeýle hem, Russiýa Federasiýasynyň eksportynyň ep-esli azalandygy bellenilýär. Netijede, 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Russiýa Federasiýasy daşary ýurtlara 32,83 million tonna nebit eksport etdi, bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,6% azdyr.

2022