Moskwada GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara ykdysady forum geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Moskwada GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara ykdysady forum geçiriler
Plenar mejlisi 12-nji martda Moskwanyň Halkara täjirçilik merkezinde geçiriler.

Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 11-12-nji martda “GDA-30” halkara ykdysady forumy geçiriler. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Forum GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň we hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen  GDA-nyň Ykdysady ösüş boýunça işewürlik merkezi tarapyndan gurnalar.

Çäre ýüzbe-ýüz we onlaýn görnüşde geçiriler. Onlaýn programmada GDA ýurtlarynyň kompaniýalary, harytlary, sebitleri boýunça sergi geçiriler. Şeýle hem, “Dünýäniň elementleri” atly syýahatçylyk-kongres-marafony we “COVID-19 pandemiýasynyň GDA agza döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirleri we bu ugurdaky bilelikdäki çözgütler” atly mowzuk boýunça tegelek stol gurnalar.

“Maliýe durnuklylygynyň hyzmatynda sanly üýtgeşme” sessiýasy we forumyň plenar mejlisi ýüzbe-ýüz we onlaýn görnüşde alnyp barlar. Plenar mejlisi 12-nji martda Moskwanyň Halkara täjirçilik merkezinde geçiriler.

Plenar mejlisi GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýygnagy bilen birlikde geçirilip, oňa GDA ýurtlarynyň wise-premýerleri, ministrleri, hem-de söwda we senagat palatalarynyň, senagat birleşikleriniň, banklarynyň, işewürler toparynyň wekilleri gatnaşarlar.

GDA-nyň Ykdysady ösüş boýunça işewürlik merkeziniň habar berşi ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Muşşikow “GDA-30” halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyryldy.

Plenar mejlisine GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder.

2022