Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar
Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýokary wezipeli resmileri bilen duşuşar. (Surat: Türkiýäniň DIM-i)

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu 5-10-njy mart aralygynda Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyz Respublikasyna  iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Türkiýäniň DIM-niň resmi saýty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýokary wezipeli resmileri bilen duşuşar.

Türkiýäniň DIM-niň aýtmagyna görä, saparlaryň çäginde ministr Çawuşoglunyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Gyrgyz Respublikasynyň premýer-ministri Ulukbek Maripow, şeýle hem Özbegistanyň premýer-ministriň orunbasary, maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň DIM-i bu saparlaryň dowamynda Türk-Özbek bilelikdäki strategiki meýilleşdiriş toparynyň ikinji duşuşygynyň we Türk-Gyrgyz bilelikdäki strategiki meýilleşdiriş toparynyň bäşinji duşuşygynyň geçiriljekdigini aýtdy. Şeýle-de Çawuşoglu Türkiýäniň Samarkant şäherindäki konsullygynyň resmi açylyşyna gatnaşar.

Türkiýäniň Daşary işler ministriniň Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň resmileri bilen geçiriljek duşuşyklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyna we sebitleýin hem-de halkara ösüşler babatynda pikir alyşmagyna garaşylýar.

Ankarada 23-nji fewralda Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlüt Çawuşoglu Raşid Meredow bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda Ankaranyň Türkmenistanyň tebigy gazyny türk topragynyň üsti bilen Ýewropa ibermek üçin öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy.