“Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýar” diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça EKO-nyň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV Sammitiniň dowamynda aýtdy.
Sammitiň barşynda EKO başlyklyk etmek döwri Türkiýeden Türkmenistana geçdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegiň üstünde hyzmatdaşlarymyz bilen anyk işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýäris” diýip, Milli Liderimiz belledi.
“Şu maksat bilen, Türkmenistan EKO-nyň sebitinde ykdysady ugurlary döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Biz bu ugurlary harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlarynyň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde görýäris. Senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň örän möhüm bölegi hasaplaýarys” diýip, Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, ulag geçelgelerini we logistik merkezleri döretmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz bu ugurda EKO-nyň taslama işlerini düýpli güýçlendirmegiň, geljegi has uly bolan ülňüleri hem-de ugurlary öňe sürmegiň zerurdygyna ynam bildirdi.
“Şunuň bilen birlikde, biz Gündogar-Günbatar ugry boýunça, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden kontinentiň ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns bermäge çagyrýarys” diýip, Hormatly Prezidentimiz nygtady.
“Şeýle hem, Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär. Sebäbi, hazarýaka döwletleriniň bäşisinden dördüsi EKO-nyň agzasy bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmalydyrys” diýip, Döwlet Baştutanymyz EKO sebitiniň içinden we onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlarynyň hem zerurdygyny belledi.
Senagat, energetika pudaklarynda, ulag we kommunikasiýa hem-de logistika ulgamlarynda ähmiýetli bilelikdäki taslamalara gatnaşyjy hökmünde Owganystanyň sebit we kontinent ykdysady hyzmatdaşlygyna ysnyşykly goşulmagynda onuň üçin geljegi uly bolan strategik mümkinçiligi görýäris diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlamak bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegi teklip etdi.
Sammite Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleri, Pakistanyň Premýer-ministri we Türksoý Geňeşiniň, Energetika Hartiýasynyň, EKO-nyň Baş sekretarlary gatnaşdylar.