Gyrgyz Prezidenti Türkmenistana sapar etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyz Prezidenti Türkmenistana sapar etmegi meýilleşdirýär
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow (Surat: Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasy)

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyz Respublikanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ruslan Kazakbaýewiň metbugat brifingde aýdanlaryna salgylanyp, “Vzglyad.az” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri gyrgyz Prezidentiniň ýakyn wagtda amala aşyrjak halkara saparlary barada brifingde belläp geçdi.

Žaparow Özbegistana resmi saparyny indiki hepde amala aşyrmagy meýilleşdirýär diýip, Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy aýtdy.

Kazakbaýew Žaparowyň goňşy ýurtlara, ýagny Hytaýa, Täjigistana we Türkmenistana saparlary amala aşyrmagy hem meýilleşdirýändigini nygtap geçdi.

Sadyr Žaparow 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen saýlawlarda sesleriň 79 göterimini alyp prezidentlige saýlandy.