Ýaponiýa bilen UNOPS türkmen saglyk pudagyndaky taslama badalga berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýaponiýa bilen UNOPS türkmen saglyk pudagyndaky taslama badalga berdi
BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi we Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Nota gol çekdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aşgabat şäherindäki baş edarasynda Ýaponiýanyň Hökümeti bilen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (UNOPS) anna güni “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglyk ulgamyny kämilleşdirmek” taslamasy boýunça Nota alyşmak dabarasy geçirildi.

UNOPS-yň adyndan hereket edýän BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Kristin Weýgand we Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Nota gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow, UNOPS-yň Awstriýadaky edarasynyň direktory Freýa Fon Grooten we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglyk ulgamyny kämilleşdirmek” boýunça grant taslamasynyň umumy bahasy takmynan 3 million ABŞ dollaryna barabar bolup, ol Türkmenistanda UNOPS-yň ilkinji taslamasydyr.

Taslama aýratyn hassahanalara lukmançylyk enjamlaryny we harytlary satyn almaga hem-de üpjün etmäge, şeýle hem zerur bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmäge gönükdiriler.

“Bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistana degişli lukmançylyk enjamlary gelip gowşandan soň, saglygy goraýyş pudagynda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garamak üçin Türkmenistanyň lukmançylyk işgärleri bilen duşuşmagy we ýerli hassahanalara baryp görmegi meýilleşdirýärin” diýip, ilçi Ýamamoto Hiroýuki öz çykyşynda aýtdy.

Bu taslama BMG we Türkmenistanyň Hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde durmuşa geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022