Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça halkara tejribäni öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça halkara tejribäni öwrenýär
Onlaýn maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” bilen tanyşdyryldy.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde geçen çarşenbe güni “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek üçin kadalaşdyryjy tehniki resminamalary işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek” atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi.

BMGÖM-iň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, türkmen tarapyndan onlaýn çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) mugallymlary we talyplary hem-de TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň, hem-de Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Şeýle-de okuw maslahata BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) halkara taslamalarynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC), Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ), BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary gatnaşdylar.

Onlaýn maslahatyň maksady gatnaşyjylara Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryny we iň gowy tejribelerini işläp taýýarlamak, elektrik energiýasy ulgamyna energiýa tygşytlylyk boýunça innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini ulanmagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat bermekden ybarat boldy.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenen “Energiýa netijelilik we energiýany tygşytly ulanmak” we “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” hakyndaky Türkmenistanyň täze kanunlaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada agzalyp geçildi. Şeýle hem, onlaýn maslahata gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda  2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” bilen tanyşdyryldy.