Türkmenistanda ýuridik şahslaryň eýeçilik hukugy nämelerden ybarat?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýuridik şahslaryň eýeçilik hukugy nämelerden ybarat?
Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň eýeçiligi kärhanalaryň eýeçiligine we telekeçilik birleşikleriniň eýeçiligine bölünýär.

“Eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, eýeçilik bu emlägiň paýlanylmagynyň (eýeçilik edilmeginiň) durmuş-ykdysady we guramaçylyk görnüşlerini häsiýetlendirýän ykdysady we ýuridik gatnaşyklaryň ulgamydyr.

Eýeçilik hukugy bu emläge eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek boýunça kanunçylyk taýdan düzgünleşdirilen jemgyýetçilik (emläk we emläk däl şahsy) gatnaşyklarydyr.

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň eýeçiligi kärhanalaryň eýeçiligine we telekeçilik birleşikleriniň eýeçiligine bölünýär.

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň eýeçilik hukugy:

Kärhananyň eýeçiligi raýatyň we (ýa-da) ýuridik şahsyň öz emläginiň döredilýän kärhana berkidilmeginiň netijesinde, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet kärhanalarynyň eýeçiliginiň obýektleriniň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär.

Emlägiň eýeleri hökmünde döredilen we ýuridik şahslar bolup durýan paýdarlar jemgyýetleri, hojalyk jemgyýetleri we gaýry kärhanalary, olaryň gatnaşyjylary tarapyndan goýumlar we beýleki gatançlar görnüşinde olara berlen emlägiň, şeýle hem telekeçilik işiniň netijesinde alnan we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry esaslar boýunça edinilen emlägiň eýeçilik hukugyna eýe bolýarlar. Paýdarlar jemgyýetleri özleriniň paýnamalaryň satylmagyndan alan serişdeleriniň hem eýesi bolup durýarlar.

Kärhanalar özara şertnama boýunça ýuridik şahsyň hukuklaryna eýe bolan assosiasiýalara, konsernlere we telekeçilik birleşikleriniň beýleki görnüşlerine birleşip bilerler.

Telekeçilik birleşigi onuň gatnaşyjylary tarapyndan özüniň eýeçiligine meýletin berlen, şeýle hem telekeçilik birleşiginiň işiniň netijesinde alnan emlägiň eýeçilik hukugyna eýe bolýar.

Çeşme: “Eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022