ÝB bilen Türkmenistan bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB bilen Türkmenistan bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy
ÝB-niň sebitleýin maksatnamalarynyň çäklerindäki bar bolan mümkinçilikler we geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: ÝB)

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi geçen hepdäniň çarşenbe güni 30-a golaý adamyň gatnaşmagynda duşuşyk gurnady. Onuň dowamynda Türkmenistanda ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ÝB-niň sebitleýin maksatnamalarynyň çäklerindäki bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň çarşenbe güni çap eden metbugat beýanatynda habar berilýär.

Bu çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistandaky taslamalary dolandyrmak üçin jogapkär bolup durýan ÝB-niň Gazagystandaky Hyzmatdaşlyk bölümi, ikitaraplaýyn taslamalaryň üstünde işleýän hünärmenler we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti gatnaşdy.

ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso öz çykyşynda ÝB-niň Merkezi Aziýa strategiýasyna täzeden seredendigini we Türkmenistana sebitleýin hyzmatdaşlyk taslamalaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredip, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeldendigini aýtdy.

Täze strategiýa sebitleýin hyzmatdaşlygyň güýçli bölegini öz içine alýar diýip, ilçi Diego Ruiz Alonso ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjek geljekki hyzmatdaşlykdan Türkmenistanyň uly peýda almaga mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda teklip edilýän ikitaraplaýyn ileri tutulýan ugurlar Türkmenistanyň milli ösüş maksatnamalaryny nazarda tutýar. Şol maksatnamalar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ösüş strategiýalarynda beýan edilýär. Olaryň arasynda ýaşyl ykdysady ösüş, işewürlik, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, oba ýerleriniň ösüşi, söwdany ösdürmek ýaly hyzmatdaşlyk ugurlary bar.

2022