Türkmenistan we Günorta Afrika hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Günorta Afrika hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Günorta Afrika ykdysadyýeti boýunça Afrikada ikinji orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Günorta Afrika Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor çarşenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary diplomatiki gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakyn wagtda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleriň guralmagy we geçirilmegi babatynda, şonuň ýaly-da iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ilçileriniň we hemişelik wekilleriniň derejesindäki özara hereketlerini işjeňleşdirmek boýunça ylalaşdylar.

Gepleşigiň ahyrynda ministrler çakylyklary alyşmak arkaly, özara saparlary guramak babatynda ylalaşyk gazandylar.

Türkmenistan Günorta Afrika bilen diplomatiki gatnaşyklaryny 1992-nji ýylda ýola goýdy. Günorta Afrika ykdysadyýeti boýunça Afrikada ikinji orny eýeleýär. Onuň ilaty takmynan 60 million adama deň bolup, ýurduň tutýan meýdany 1,2 mln inedördül metrden gowrakdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022