TDGG-na deslapky gümrük maglumatlaryny alyşmak üçin enjamlar geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDGG-na deslapky gümrük maglumatlaryny alyşmak üçin enjamlar geldi
Kabul edilen enjamlar ýurtlaryň arasynda deslapky gümrük maglumatlary alyşmagy ýola goýmak üçin niýetlenendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça maksatnamasynyň” çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň sebitleýin wekilhanasynyň arasynda çarşenbe güni onlaýn maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maslahata BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal, maksatnamanyň sebitleýin utgaşdyryjysy Batyr Geldiýew we Türkmenistandaky utgaşdyryjy Çary Ataýew gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşigiň barşynda ýokarda ady agzalan maksatnamanyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem, deslapky gümrük maglumatlary alyşmak üçin niýetlenen enjamlary kabul etmek dabarasy geçirildi.

Dabarada kabul edilen enjamlar ýurtlaryň arasynda deslapky gümrük maglumatlary alyşmagy ýola goýmak üçin niýetlenip, ol diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem sebitdäki ähli ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etmegine garaşylýar. 

Maslahatyň ahyrynda taraplar özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022