Türkmenistan GDA-EXPO onlaýn sergisinde öz harytlary bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan GDA-EXPO onlaýn sergisinde öz harytlary bilen tanyşdyrdy
Onlaýn sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň “GDA-30” Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen sergisinde wirtual diwarlyklaryny görkezdi.

Onlaýn sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň wekilleri gatnaşdylar. Wideoşekillerde Türkmenistanda öndürilen senagat, azyk we hojalyk harytlary, dokma, mebel önümleri, elektron enjamlar, häzirki zaman durmuş tehnikalary barada gürrüň berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

GDA-EKSPO (CIS EXPO) platformasy kompaniýalar we harytlar baradaky wideogörnüşleri bilen sergä gatnaşyjylaryň wirtual görnüşde hödürleýän hyzmatlaryny öz içinde jemleýän ulgam hökmünde işleýär.

Mundan başga-da penşenbe güni Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda göni wideoaragatnaşyk arkaly türkmen wekiliýeti GDA-nyň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen “Dünýäniň elementleri” atly syýahatçylyk kongresine gatnaşdylar.

Onlaýn kongresiň dowamynda oňa gatnaşyjylar milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmak we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dünýä syýahatçylygynyň eýeleýän ägirt uly ornuny göz öňünde tutup, ony ösdürmegiň zerurdygyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen forumyň örän möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem kongrese gatnaşyjylar koronawirus pandemiýasy tamamlanandan we döwletara serhetleri açylanyndan soň ýokary düşewüntli bu ugry wagyz etmek, täzeden dikeltmek hem-de has-da depginli ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

2022