Daşoguzda döwrebap dynç alyş seýilgähi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda döwrebap dynç alyş seýilgähi gurlar
1,5 gektar meýdanda ýerleşjek seýilgäh toplumynda dürli görnüşli attraksion enjamlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň çagalary üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak baradaky teklibini hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, taslamanyň maliýeleşdirilmegi Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça bu etraba berlen pul baýragynyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilşi ýaly, 1,5 gektar meýdanda ýerleşjek seýilgäh toplumynda dolandyryş binasyny, garbanyşhana, dükan, awtoulag duralgasyny gurmak hem-de dürli görnüşli attraksion enjamlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin dynç alyş seýilgähini gurmak barada hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022