Türkmenistanda 2 müň tonnadan gowrak pile öndüriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2 müň tonnadan gowrak pile öndüriler
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak tabşyryldy.

Türkmenistanda şu ýyl 2 müň 100 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar, ýagny Ahalda 155 tonna, Balkanda 25 tonna, Daşoguzda 500 tonna, Lebapda 1 müň 10 tonna, Maryda 410 tonna.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda ideg işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilaty ter gök, bakja hem-de özümizde öndürilýän beýleki oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Milli Liderimiz ekinlere edilýän ideg işleriniň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini, gowaça ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022