Türkmenistanyň täze gurulýan şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasy ornaşdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň täze gurulýan şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasy ornaşdyrylar
"Aşgabat-siti" taslamasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan welaýatyň täze döwrebap edara merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze edara merkeziniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara merkeziniň gurluşygynda hünärmenleriň 15 müňden gowragynyň zähmet çekýändigini aýdyp, olaryň bu ýerde toplan tejribesiniň Aşgabat-sitiniň gurluşygynda hem ulanylyp bilinjekdigini belledi.

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň Köpetdagyň eteginde gurulýandygyny aýdyp,  Milli Liderimiz bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem, täze edara ediş merkezinde sanly tehnologiýalary we intellektual ulgamlary  ornaşdyryp “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmekligiň wajyplygy bellenildi.

Şeýle hem, Milli Liderimiz “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowa elektromobilleriň hereketi, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen “akylly” awtoduralgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz şäheriň çäklerinde ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň hereketiniň ýola goýulmagy, Gün we ýel batareýalarynyň işi, yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow: Galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir

“Häzirki wagtda zir-zibil galyndylarynyň dünýäde uly mesele bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu babatda dünýäniň ösen tejribesinden ugur alyp, galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir” diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz şäherlerde we ilatly ýerlerde arassaçylygyň berjaý edilmeginiň wajypdygyny belläp, “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, zir-zibiller üçin “akylly” gaplary ornaşdyrmak baradaky pikiri aýtdy.

Sebäbi özüniň gurluşy boýunça zir-zibil gaplar dolan wagtynda hapa ýygnaýjy gulluklara habar gönderýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu işiň häzirki zaman sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna ähmiýet berilmelidigini aýtdy.