Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna taýýarlyk görýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna taýýarlyk görýär
Bu çäre şu ýyl Glazgo şäherinde geçiriljek COP26 maslahatynyň öň ýanyndaky Aşgabatda geçirilen ilkinji çäreleriň biri boldy. (Surat: Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (DIM) Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde çarşenbe güni Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda “BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (COP26) maslahatyna tarap: Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary we öňde goýlan wezipeleri” atly tegelek stol duşuşygyny geçirdi.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, bu çäre 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek COP26 maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilen ilkinji çäreleriň biri boldy.

Glazgoda geçiriljek ýokary derejeli maslahatyň öňüsyrasynda, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça ýerli we halkara derejeli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu tegelek stol duşuşygy, COP26-nyň global ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy. Bu çäre tehniki goldaw ulgamynda bar bolan halkara tejribesini we başlangyçlaryny, şeýle-de Türkmenistanda “ýaşyl” maliýeleşdirişiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

“Tegelek stol” duşuşygyny Türkmenistanyň DIM-i alyp bardy. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Beýik Britaniýanyň hökümetiniň, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, gözleg institutlarynyň wekilleri, ösüş hyzmatdaşlary we hemaýatkärler gatnaşdylar.

Çärede iňlis tarapyna Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada COP26 boýunça sebitleýin ilçisi Janet Rogan wekilçilik etdi.

Maslahatyň netijesinde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen kärdeşleriniň we halkara hyzmatdaşlarynyň hem-de hemaýatkärleriň bilelikdäki ileri tutýan ugurlary kesgitlenildi.

Mowzugyň ähmiýetini we howanyň üýtgemeginiň dünýäniň ilatynyň köp bölegine we ýurtlaryna ýaramaz täsir edýändigini göz öňünde tutup, hünärmenler birek-birekden öwrenmegiň we bu möhüm ugurda netijeli gepleşikleriň we hünär tejribe alyşmagyň möhümdigi bilen ylalaşdylar.

Tegelek stol duşuşygynyň ahyrynda hünärmenler çäräniň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdiler hem-de hemmeler üçin has ýagty we ýaşyl geljegi arzuw etdiler.