Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň mediýalarynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň mediýalarynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Taraplar habar materiallaryny alyşmak arkaly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň “Tatmedia” metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gullugynyň başlygy Aýdar Salimgaraýew hem-de “Täze döwür” (Новый Век) teleradiokompaniýasynyň baş müdiri Ilşat Aminow bilen çarşenbe güni duşuşygy geçirildi. Onda taraplar habar materiallaryny alyşmak arkaly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň metbugat beýanatyna görä, duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň çäginde žurnalistleriň akkreditasiýasy, açyljak Türkmen söwda öýüniň internet saýtyny ösdürmek we wagyz etmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de “Türkmen Älem” milli emeli hemrasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bilelikdäki tematiki žurnallaryň, wideo habarlarynyň çykmagynyň, ýaýlym kanallarynyň sanynyň köpelmeginiň meseleleri barada pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar “Tatmediýanyň” türkmen kärdeşleri bilen onlaýn duşuşygyny guramagyň mümkinçiliklerini, Tatarystan Respublikasynyň hünärmenleriniň Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmagyny, habar gulluklarynyň ýa-da teleradiokompaniýalaryň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Baş konsullyk “Tatmediýa” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny we hünärmenlerini 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň baştutanlarynyň VI Sammitiniň çäginde Russiýa Federasiýasynyň habar gullugy hökmünde Türkmenistana gelmäge we bu uly çäräniň wagyz edilmegine gatnaşmaga çagyrdy.

2022