Türkmen tebigy gazynyň Gyrgyzystana ugradylmagy boýunça pikir alşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen tebigy gazynyň Gyrgyzystana ugradylmagy boýunça pikir alşyldy
Taraplar gurluşyk pudagynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler. (Surat: Gyrgyzystanyň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşigiň barşynda türkmen elektrik energiýasynyň we tebigy gazynyň Gyrgyzystana ugradylmagy boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň DIM-niň metbugat beýanatyna görä, gepleşigiň dowamynda iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik ugur boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, gurluşyk pudagynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Maslahatda ikitaraplaýyn daşary syýasat çäreleriniň ýokary derejede guralmagyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, resmiler ýakyn geljekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň 5-nji mejlisini guramagyň zerurdygyny bellediler.

Gepleşigiň ahyrynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak boýunça yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň maksadalaýyk boljakdygyny makulladylar.