Türkmenistanda Nowruz baýramy 23-nji marta çenli dowam eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Nowruz baýramy 23-nji marta çenli dowam eder
Milli Liderimiz tutuş türkmen halkyny ýetip gelen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady. (Surat: UNESCO)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda şu ýyl Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini belläp, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, dowamly dynç alyş bilen baglylykda, ýolbaşçylara ähli häkimliklerde, kärhanalarda we guramalarda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Hukuk goraýjy edaralara hem degişli görkezmeler berildi.

Soňra Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Goý, Nowruz baýramynyň şirin nagmalary, belent joşguny mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, abadan hem-de bolelin durmuşynyň waspy bolup ýaňlansyn!” diýip, Döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

2022