“Derýaýollary” önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýetine öwrülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Derýaýollary” önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýetine öwrülýär
Döwlet Baştutanymyz “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky” Karara gol çekdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýetine öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezow ulag-aragatnaşyk pugdagynyň döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryny hususylaşdyrmak we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip beýan edildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işine ünsi çekip, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň hem-de desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky” Karara gol çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine – esaslyk maýadaky paýy 10% we Agentligiň Türkmenbaşy halkara deňiz portuna – esaslyk maýadaky paýy 50% möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.