Hytaý ýanwarda 2,8 milliard kubmetre golaý türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý ýanwarda 2,8 milliard kubmetre golaý türkmen gazyny import etdi
2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaý gazgeçiriji arkaly jemi 4 milliard 685 million kubmetr gaz import etdi. (Surat: "China Daily")

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa 2 milliard 786 million kubmetr tebigy gazy eksport etdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugynyň baş müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Russiýanyň “Interfaks” agentligi şenbe güni habar berdi.

Şol döwürde Hytaý gazgeçiriji arkaly jemi 4 milliard 685 million kubmetr gaz import etdi. Üpjünçiligiň takmynan 60%-ni türkmen gazy düzdi. Türkmenistandan daşary ýanwar aýynda gazgeçiriji arkaly Hytaýa esasy gaz eksport eden döwletleriň hataryna Russiýa (916 million kubmetr), Mýanma (357 million kubmetr), Gazagystan (319 million kubmetr) we Özbegistan (307 million kubmetr) girdi.

Habarda bellenişi ýaly, gazgeçiriji arkaly gaz üpjün edijileriniň arasynda Russiýa Hytaýa iň arzan bahadan, ýagny bir müň kubmetr üçin 118,5 ABŞ dollary bahadan gaz iberýär. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmen gazynyň bir müň kubmetriniň bahasy 187 ABŞ dollaryna, Gazagystanyň gazy - 162 ABŞ dollaryna, Özbegistanyň gazy - 151 ABŞ dollaryna, Mýanmanyň gazy - 352 ABŞ dollaryna barabar boldy.

“Interfaks”-yň bellemegine görä, geçen ýylyň ýanwar aýynda gazgeçiriji arkaly Hytaý 4 milliard 366 million kubmetr gaz import etdi.

Merkezi Aziýa-Hytaý gazgeçirijisi arkaly 2020-nji ýylda Hytaýa 39 milliard kubmetrden gowrak gaz iberildi.

2022