“Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýdarlar jemgyýeti (jemgyýet) oňa gatnaşyjylaryň paýdarlar jemgyýeti babatdaky hökmanylyk hukuklaryny tassyklaýan, paýnamalaryň belli bir sanyna bölünen, fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki şahslaryň goýumlarynyň esaslyk maýasyna birleşen kärhanasydyr.
Paýdarlaryň hukuklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:
- jemgyýetiň tertipnamasynda kesgitlenen jemgyýetiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga;
- jemgyýetiň işinden gelýän girdejiniň bir bölegini (diwidendleri) almak;
- özlerine degişli jemgyýetiň paýnamalary bilen şu Kanunda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde geleşikleri amala aşyrmak;
- paýnama tarapyndan berilýän hukuklary (ýa-da hukuklaryň bir bölegini) öz wekiline (wekillerine) bermek;
- jemgyýetiň işi hakynda habar almak, şol sanda buhgalterçilik hasaba alşyň we hasabatlylygyň maglumatlary we beýleki resminamalar bilen jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde tanyşmak;
- jemgyýet ýatyrylan halatynda algydarlar bilen hasaplaşyklardan soň galan emlägiň gymmatynyň bir bölegini ýa-da onuň gymmatyny Türkmenistanyň kanunçylygynda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde almak;
- jemgyýet tarapyndan kabul edilen kararlary kazyýet tertibinde jedelleşmek.
Paýdarlar kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara, şol sanda jemgyýet tarapyndan öndürilýän önümleri (hyzmatlary) almaga, jemgyýetiň täze goýberiliş paýnamalaryny edinmäge bolan ýeňillikli hukuga eýe bolup bilerler.
Çeşme: “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny