Daşkendiň häkimi Aşgabatdaky “Daşkent” seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşkendiň häkimi Aşgabatdaky “Daşkent” seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy
Jahongir Artykhojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 17-nji martda Aşgabada iş sapary bilen geldi. (Surat: Daşkendiň häkimligi)

Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjow Özbegistanyň paýtagtynyň häkimi Jahongir Artykhojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Aşgabadyň taryhy merkeziniň Magtymguly köçesinde 3 gektar meýdanda guruljak “Daşkent” seýilgähiniň taslamasynyň başlangyç tapgyry bilen tanyşdylar.

Daşkent şäher häkimliginiň resmi saýtynyň duşenbe güni habar berşine görä, Özbegistanyň paýtagtynyň häkimi Jahongir Artykhojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 17-nji martda Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetine garadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 17-nji fewralda Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen geçiren duşuşygynda Aşgabatda “Daşkent” atly seýilgähiň guruljakdygyny aýtdy.

2018-nji ýylda Özbegistanda dostlukly hereket hökmünde “Aşgabat” seýilgähi açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022