Özbegistan $56 milliondan gowrak türkmen önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan $56 milliondan gowrak türkmen önümlerini import etdi
Özbegistan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistandan 56 million 200 müň ABŞ dollary möçberinde önüm import etdi. (Surat: “O'ztemiryo'lkonteyner” PJ)

Özbegistan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistandan umumy bahasy 56 million 200 müň ABŞ dollary möçberinde önüm import etdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti sişenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň statistika baradaky döwlet komiteti Özbegistana iki aýyň dowamynda esasy eksport eden ýurtlaryň Hytaý (623 million ABŞ dollary), Russiýa (618 million 400 müň ABŞ dollary), Gazagystan (433 million 700 müň ABŞ dollary), Türkiýe (188 million 900 müň ABŞ dollary), Günorta Koreýa (169 million 500 müň ABŞ dollary), Hindistan (80 million 800 müň ABŞ dollary), Litwa (72 million 100 müň ABŞ dollary), Germaniýa (71 million ABŞ dollary), Ukraina (57 million 900 müň ABŞ dollary) we Türkmenistan (56 million 200 müň ABŞ dollary) bolandygyny aýtdy.

Şol döwürde özbek önümlerini esasy import eden ýurtlar Hytaý (285 million 500 müň ABŞ dollary), Russiýa (225 million 500 müň ABŞ dollary), Türkiýe (215 million ABŞ dollary), Gazagystan (151 million 900 müň ABŞ dollary), Owganystan (107 million 500 müň ABŞ dollary), Gyrgyzystan (91 million 600 ABŞ dollary), Täjigistan (54 million 700 müň ABŞ dollary), Kanada (45 million 500 müň ABŞ dollary), Eýran (27 million ABŞ dollary) we Ukraina (24 million 700 müň ABŞ dollary).

2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 4 milliard 500 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol döwürde ýurduň importy 3 milliard ABŞ dollaryna, eksporty bolsa 1 milliard 500 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022