Türkmenistanda adam hukuklary boýunça täze meýilnama taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça täze meýilnama taýýarlanylýar
Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gün tertibine girizilen esasy meseleleriň hatarynda “Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2021-2023-nji ýyllar üçin geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” taslamasy hem bar. Bu meýilnama Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan taýýarlanyldy.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky Guramasynyň (ÝUNESKO) ýöriteleşdirilen edarasy hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýatlarynyň pugtalandyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, migrasiýa, dine uýmak azatlygy we beýleki ulgamlarda adam hukuklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň ýanynda Iş toparyny döretmek hakyndaky teklip öňe sürüldi.

Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.