Tehasdaky doňaklyk global plastmassa ýetmezçiligine sebäp boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tehasdaky doňaklyk global plastmassa ýetmezçiligine sebäp boldy
LyondellBasell kompaniýasynyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawody (Surat: Reuters)

ABŞ-nyň Tehas ştatynda fewral aýyndaky doňaklyk köpçülikleýin elektroenergiýanyň öçmegine sebäp boldy. Ol hem öz gezeginde himiki zawodlaryň ýapylmagyna hem-de global üpjünçilik zynjyrlaryny bozmaga sebäp bolup, çüýşelerden smartfonlara çenli ähli zat üçin zerur bolan plastmassanyň global ýetmezçiligine getirdi. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti geçen hepde habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Tehasdaky doňaklykdan bir aý soň, köp zawodlar işlerini duruzdylar we dolulygyna işlemekleri üçin has köp aý gerek bolmagy mümkin. WSJ-nyň makalasyna görä, polietilen (PE), polipropilen (PP) we poliwinil hlorid (PVC) ýaly himiki önümleriň üpjünçiliginiň azalmagy sezewarly olaryň global bahalary birden ýokarlanýar. Bu doňaklyk ähli sarp edijiler üçin önümleriň ýetmezçiligini, gijikdirilmegini we çykdajylaryň ýokarlanmagyny aňladýar.

“Bloomberg” habar gullugynyň şu aýyň başynda beren hasabatyna görä, Tehas doňaklygyndan bir aý soň ABŞ-nyň PVC önümçilik kuwwatynyň 60%-den gowragy henizem işlemeýär. ICIS-iň maglumatlaryna görä, bu PVC-nyň ABŞ-da her tonnasynyň eksport bahasynyň 1 müň 625 ABŞ dollary möçberinde ýokarlanmagyna sebäp boldy. PVC turbalaryň, pollaryň, kabel izolýasiýasynyň, binalaryň daşky diwarlary üçin ulanylýan gurluşyk harytlarynyň, awtoulag aýnalarynyň we awtoulag interýerleriniň önümçiliginde ulanylýar.

“Bloomberg”-iň habar berşine görä, şampun çüýşeleri we azyk torbalary üçin ulanylýan ýokary dykyzlykly polietileniň (HDPE) bahasy hem 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejededir.

ABŞ-da öňdebaryjy himiýa önümlerini öndüriji “LyondellBasell Industries NV”-niň ýolbaşçysy Bob Patel polietilen barada gürrüňinde, “Häzirki wagtda içerki müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýeterlik mukdarymyz ýok” diýip, eksport hakda entäk pikirem edilmeýändigini aýtdy. Patel ABŞ-da polietilen önümçiliginiň dördünji çärýekde kadaly ýagdaýa gelip biljegini mälim etdi.

Iri nebit kompaniýalary dünýäde arassa energiýa geçiş sebäpli, öz geljegini nebit-himiýa pudagynda görýärler. Häzirki wagtda girdejileriniň köpüsini ýangyçdan alýan pudak üçin bunuň ygtybarly boljakdygyna şübhe ýok diýip, “OilPrice.com”-yň ýazyjysy Irina Slaw geçen hepde çap eden makalasynda ýazýar.

“Şeýle-de bolsa, häzirki ýetmezçilik nebit-himiýa önümleriniň ygtybarly boljakdygyny subut edýär” diýip, Irina Slaw aýtdy. “Benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglara alternatiwalar bar bolsa, plastik kabel izolýasiýasyna, awtoulagyň interýerlerine, smartfon korpusyna, noutbuk ýa-da gündelik durmuşdan başga-da müňlerçe harytlaryň ykdysady taýdan amatly alternatiwalary ýok” diýip Slaw belledi.

“Häzirki plastmassa ýetmezçiligi plastmassa meselesinde gaýtadan işlemegiň gowudygyny subut edýär. Ýöne geljekde olardan düýpgöter daşlaşmagyň ähtimallygy gaty kiçidir” diýip, Slaw sözüni dowam etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022