Türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygynyň Maksatnamasy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygynyň Maksatnamasy maslahatlaşyldy
Mejlisiň barşynda söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sekizinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyna garaldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow, rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç ýolbaşçylyk etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine üns çekildi. Senagat, energetika, maliýe ulgamlarynda, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň maliýe düzgünleşdirijileriniň we täjirçilik banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de beýleki ulgamlarda özara söwdany we özara hereketleri kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Taraplar mejlisiň jemi boýunça Teswirnama gol çekdiler.

2020-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 39,6% ýokarlandy.