Ahalda gelin kömelek öndürýän kärhana açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalda gelin kömelek öndürýän kärhana açylar
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe senagat zolagynda ýylda 1 müň 200 tonna gelin kömelek öndürýän kärhananyň açylmagy meýilleşdirilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe senagat zolagynda ýylda 1 müň 200 tonna gelin kömelek öndürýän kärhananyň açylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanylan sergide telekeçi Babasadyk Çüriýew ”Tokaýçy” haryt nyşanly gelin kömelekleriň gaplanan görnüşi bilen tanyşdyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, täze kärhananyň çäginde kömelek ýyladyşhanasy, işgärler üçin jaý, edara binasy, ammarlar, naharhana, tehniki desgalar we organiki galyndylardan dökün öndürýän (kompost) sehi bar. Toplum Gollandiýanyň we Germaniýanyň tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Kompaniýanyň bu toplumy Merkezi Aziýada degişli ugurda iň uly toplumlaryň biri bolup, öndüriljek önümiň 50%-i içerki bazara we galany daşarky bazarlara niýetlener.

Zawodyň kompost sehinde ýylda 4 müň tonna kompost öndüriler. Adatça gelin kömelekler kokowitde ösdürilýän bolsa, açyljak kärhanada ýerli serişdelerden taýýarlanylan kompost öndürmegiň tehnologiýasy işlenilip düzüldi.

Telekeçi Babasadyk Çüriýew şu ýylyň ahyryna çenli gelin kömelekleriň ulularyny ter görnüşinde, kiçilerini bolsa konserwa edip köpçülikleýin öndürip başlamagy maksat edinýär. Munuň üçin onuň ýokary hilli “Silwan” tohumy saýlanylyp alyndy.