Türkmenistanyň we Hindistanyň hökümet wekilleri we kärhanalary anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahatda farmasewtika pudagynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine garadylar.
“Hindistanyň we Türkmenistanyň farmasewtika pudagynda hyzmatdaşlygy” atly onlaýn maslahat Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Hindistanyň “Pharmexcil” derman eksportlaryna goldaw agentligi tarapyndan gurnaldy. Bu barada ilçihananyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Maslahatda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hasaba alyş bölüminiň başlygy we ministrligiň resmileri wekilçilik etdiler. Şeýle hem maslahata iki ýurduň farmasewtika kompaniýalary we bu ugurda işleýän hususy işewürleri gatnaşdylar.
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Dr.Widhu Nair öz çykyşynda derman önümlerinde ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň artýandygyny we türkmen bazarynda hindi dermanlaryna bolan islegiň we ynamyň ýokarydygyny belläp geçdi.
2019-njy ýylyň aprel aýyndan 2020-nji ýylyň mart aýy aralygynda Hindistan Türkmenistana bahasy 20 million ABŞ dollaryndan gowrak derman serişdelerini eksport etdi. Bu bolsa Türkmenistana import edilen ähli derman önümleriniň 15%-den gowragyny öz içine alýar. Beýanata görä, 2020-nji ýylyň mart aýyndan 2021-nji ýylyň ýanwar aýy aralygynda eksport 21 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% ösüş gazanyldy.
Hindistanyň ilçisi farmasewtika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary, şeýle hem “Ayurveda” ýaly halk derman serişdeleri pudagynda hyzmatdaşlygy teklip edip, ilçihananyň ikitaraplaýyn söwdany ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldaýandygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Lukmançylyk önümlerini hasaba alyş merkeziniň başlygy Öwez Owwadow Hindistanyň derman önümleriniň hiline ýokary baha berdi we türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn söwdany hasam ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Maslahatyň dowamynda hasaba alyş bölüminiň işgärleri Türkmenistanda lukmançylyk önümlerini we gurallaryny bellige almagyň tertibi bilen tanyşdyrdylar.
“Pharmexcil”-iň ýolbaşçysy Udaý Baskar hem öz gezeginde maslahata gatnaşyjylara Hindistanyň farmasewtika pudagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem COVID-19 pandemiýasy döwründe Hindistanyň farmasewtikasynyň global derejede ösüşiniň ähmiýeti görkezildi. Ilçihananyň habar bermegine görä, Hindistan 70-den gowrak ýurda 58 million COVID-19 sanjymyny iberdi.
Beýik Britaniýada ýerleşýän “AstraZeneca” kompaniýasy we Oksword uniwersiteti tarapyndan oýlanyp tapylan “Covieshield” atly waksinany Hindistanda öndürmek boýunça ýurdyň “Serum Institute of India” kompaniýasy iş alyp barýar. Şeýle hem, “Serum Institute of India” ösüp barýan ýurtlary COVID-19 ýokanjyna garşy 100 million sanjym bilen üpjün etmek üçin “Gavi” waksina bileleşigi we “Bill & Melinda Gates” gaznasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Mundan başga-da, Hindistanyň “Bharath Biotech” kompaniýasy Hindistanyň barlag institutlary bilen hyzmatdaşlykda “Covaxin” ýerli COVID-19 sanjymy taýýarlady we ony 40 ýurda eksport etmegi meýilleşdirýär.
“Dr. Reddy’s Laboratories”, “Hetero” ýaly birnäçe hindi firmalary 875 million “Sputnik-V” sanjymyny öndürmek üçin Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasy (GMRG) bilen şertnama baglaşdylar. “Zydus Cadila”, “Biological E. Ltd”, “Aurobindo”, “Genova” ýaly hindi kompaniýalary hem dürli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda sanjymlary taýýarlarlar.
Hindistan 200-den gowrak ýurdy jenerik derman serişdeleri bilen üpjün edip, dünýäde eksport edilýän derman serişdeleriň göwrümi boýunça 3-nji we gymmaty boýunça 10-njy ýerde durýar. Global jenerik derman öndürýän kompaniýalaryň 25-niň 9-sy Hindistanda ýerleşýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ygtyýar beren derman serişdeleri üçin garyndylaryň 90%-ni Hindistan üpjün edýär.