Türkmen-rus söwda dolanyşygy $1 milliarda golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-rus söwda dolanyşygy $1 milliarda golaýlady
Taraplar sebitara hyzmatdaşlygy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy)

2020-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 1 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçugyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň sişenbe güni Moskwada geçirilen duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “TASS” agentligi habar berdi.

2020-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 39,6% ýokarlanyp, takmynan 1 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Russiýanyň eksportynyň möçberi 19,6% ýokarlanyp, importy iki esse artdy. Bu barada Owerçugyň türkmen toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň jemi boýunça Russiýanyň Hökümetiniň resmi saýtynda çap edilen maglumatda habar berilýär.

Taraplar söwda, ykdysady we sebitara hyzmatdaşlygy hem-de saglygy goraýyş, senagat, ulag, maliýe, bilim ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, 2021-2023-nji ýyllar üçin ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda işlenilip düzülýän ykdysady hyzmatdaşlygyň meýilnamasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm faktordygy beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Russiýanyň “Rospotrebnadzor” federal gullugy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Mundan başga-da, Russiýanyň Federal gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň arasynda “Özara söwda barada statistiki maglumatlary alyşmak hakynda” Ähtnama, şeýle hem, Russiýanyň Federal gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasynda “Geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda” Teswirnama gol çekildi.

Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň baş diplomaty rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirer we 2-nji aprelde Moskwada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşar.