Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynda hususy eýeçilik maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynda hususy eýeçilik maslahatlaşyldy
Muhammetgeldi Serdarow ýurdumyzyň maliýe durnuklylygyny goldamak boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä banky we Halkara pul gaznasy (IMF) tarapyndan duşenbe güni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen kollegial pikir alyşmalara gatnaşdy. Onuň barşynda Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitinde makroykdysady tapgyrlara we ykdysadyýetiň hususy bölegine goldaw bermek ýaly ileri tutulýan meselelere garaldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, onlaýn maslahata Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Merkezi Banklarynyň we Maliýe ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitinde maliýe durnuklylygy goldamak üçin syýasatyň binýatlary, maliýe hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz gezeginde ýurdumyzyň maliýe durnuklylygyny goldamak boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berdi.

Halkara pul gaznasy (IMF) ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.

Halkara pul gaznasy 1944-nji ýylda döredilip, oňa 190 ýurt agza bolup durýar. Türkmenistan HPG-nyň düzümine 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda goşuldy.