Türkmenistanda demir ýollary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmegiň mümkinçiligine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda demir ýollary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmegiň mümkinçiligine garaldy
Teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlary, demir ýollary üçin ätiýaçlyk şaýlary özümizde öndürmegiň zerurdygy hakyndaky tekliplere garaldy.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda penşenbe güni maýa goýum forumy öz işine başlady. Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri ätiýaçlyk şaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary hakynda maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, foruma ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlary, demir ýollary üçin ätiýaçlyk şaýlary özümizde öndürmegiň zerurdygy hakyndaky tekliplere garaldy.

Şeýle hem, demir ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýük saklanylýan ammarlary gurmak we döwrebaplaşdyrmak, ýerlerde wagon terezilerini oturtmak, teplowozlaryň elektrik hereketlendirijilerine hyzmat edilmegini üpjün etmek, täze wagonlary ýygnamak, ýük konteýnerlerini we beýlekileri satyn almak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň hünärmenleri tarapyndan ýolagçylara döwrebap hyzmatlary etmek, ýolagçy wagonlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olarda internet hyzmatyny ýola goýmak, pudagyň garamagyndaky düzümler üçin ätiýaçlyk şaýlary we serişdeleri öndürýän öz önümçiliklerimizi gurmak bilen bagly tanyşdyryş çäreleri geçirildi.

Hususan-da, uçarlaryň we deňiz tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň ulanyş ýagdaýyna, ýolagçylara internet hyzmatlarynyň hödürlenilmegine, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine we ýük konteýnerleriniň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerine üns berildi.

Elektron hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, “Uber Freight” programmasyna meňzeş, ýurdumyzda täze goşundyny işläp taýýarlamak hakynda teklibe seredildi. Şeýle hem, “Taksi hyzmatlary” taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, Ahal welaýatynda awtoulag kärhanasyny döretmek teklip edildi.

2022