Türkmenistanyň biržasynda $24 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $24 milliondan gowrak söwda boldy
Daşary ýurtly telekeçiler TNGIZT-de öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 24 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystanyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, polietilen russiýaly we owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar.

Manat serişdelerine Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 878 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 10 million 574 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen haltalary, parafin gaçy, aglomerat we polipropilen plýonkasy üçin çig maly satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

2022