Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň sap girdejisi 4,9% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň sap girdejisi 4,9% ýokarlandy
2020-nji ýylda bank halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda hususy pudagy goldamak boýunça alyp barýan işlerini işjeňleşdirdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň 2020-nji ýylda sap girdejisiniň ösüşi 4,9%-e barabar bolup, hususy maýasy bolsa 27,1%-e golaý ýokarlandy. Bu barada bankyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistana çekilen daşary ýurt maýa goýumlar pudaklar boýunça bölünende: nebit-gaz senagaty 58%-ni, himiýa senagaty17%-ni, ulag we aragatnaşyk 9%-ni, oba hojalygy 11%-ni, energetika 4%-ni tutýar.

Türkmenistanda wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýum serişdeleriniň umumy möçberiniň 43%-i Ýaponiýa degişlidir. Koreýa Respublikasy 20% bilen ikinji orunda durýar. Soňra Hytaý, Germaniýa, Saud Arabystany we ABŞ ýaly ýurtlar bardyr.

Mundan başga-da Yslam ösüş banky, OPEK gaznasy we Saud ösüş gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde birnäçe jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalar maliýeleşdirildi. Türkmenistanyň dünýä bazaryna gönükdirilen eksport ugurly iň iri energiýa geçirijileriniň biri bolan “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki bölegini maliýeleşdirmek üçin Yslam Ösüş banky 700 million ABŞ dollary möçberindäki, Saud Ösüş Gaznasy 100 million ABŞ dollary möçberindäki maliýe ylalaşyklaryna Türkmenistanyň Hökümeti bilen gol çekdiler.

2020-nji ýylda bank halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda hususy pudagy goldamak boýunça alyp barýan işlerini işjeňleşdirdi. Netijede, Amerikanyň “Deer Credit Inc.” kompaniýasy, OPEK gaznasy we Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen birnäçe karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2020-nji ýylyň dekabr aýynda “The Banker” žurnaly tarapyndan türkmen banklarynyň arasynda iň gowy bank hökmünde ykrar edildi.

2022