“Petronas” Hazar deňzinde nebit platformasyny işe girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Petronas” Hazar deňzinde nebit platformasyny işe girizdi
GDDP-A buraw platformasyndan ilkinji nebiti 2021-nji ýylyň awgust aýynda almak meýilleşdirilýär. (Surat: "ORIENT.tm")

Türkmenistandaky “Petronas Carigali Sdn Bhd” kompaniýasy geçen şenbe güni Hazar deňziniň türkmen böleginde GDDP (Garagol deňiz buraw platformasy) nebit platformasyny işe girizdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti habar berdi.

“Petronas Carigali Sdn Bhd” kompaniýasynyň direktory Ruslan bin Abdul Gani Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurdan wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, täze platformanyň işe girizilmeginiň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

“Biz Günbatar Garagol-Deňiz ýatagyndan alynjak ilkinji nebitiň günde 6700 barrele barabar bolmagyna garaşýarys. Nebit kärhananyň gazy taýýarlamak boýunça zawodynda we ýerüsti gaz terminalynda gaýtadan işleniler we soňra eksport ediler” diýip, Gani belledi.

GDDP-A “Petronas” tarapyndan Türkmenbaşy şäheriniň demirgazygyndaky Hazar kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde gurlan deňiz metal sehinde ýygnandy.

GDDP-A buraw platformasyndan ilkinji nebiti 2021-nji ýylyň awgust aýynda almak meýilleşdirilýär. Platformanyň meýilleşdirilen önümçilik kuwwaty günde 10 müň barrele barabardyr.

Türkmenistanda “Petronas Carigali Sdn Bhd” “Blok 1” şertnamalaýyn deňiz çäginde taýýar önümi paýlaşmak hakynda 1996-njy ýylyň iýul aýynda gol çekilen şertnamanyň esasynda hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022