Fransuz maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fransuz maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Fransiýanyň Döwlet maýa goýum banky kiçi hususy kärhanalaryna maliýe kömegini berýär. (Surat: “BpiFrance”)

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Fransiýanyň Döwlet Maýa goýum bankynyň (BPI France) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çarşenbe güni onlaýn maslahat geçirildi. Onuň dowamynda taraplar türkmen we fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum we maliýe ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, gepleşigiň dowamynda BPI France-iň wekilleri alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmen tarapy bolsa fransuz kompaniýalarynyň gatnaşyp biljek maýa goýum taslamalary barada maglumat berdi.

Onlaýn maslahatyň jeminde taraplar hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekmegiň mümkinçiligini öwrenmek barada ylalaşdylar we gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Fransiýanyň Döwlet maýa goýum banky kiçi we orta kärhanalara karz bermek arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmek maksady bilen 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda döredildi. Bank iri döwlet kärhanalaryna we kiçi hususy kärhanalaryna maliýe kömegini berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022