Aşgabatda Kabul ediş merkezi we Maslahatlar merkezi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Kabul ediş merkezi we Maslahatlar merkezi açyldy
Binalaryň açylyş dabarasy Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda penşenbe güni Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän bu iki desganyň gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.

Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň düzümleriniň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre deňdir.

Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da bu ýerde 403 orunlyk multimediýa zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, täze Maslahatlar merkezinde Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Şeýle hem, Milli Liderimiz Kabul ediş merkezini açdy. Bina jemi 26 müň 854 inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Merkeziň esasy zaly 1 müň orunlyk bolup, ol banketler, dabaralar zaly diýlip atlandyrylýar.

Mundan başga-da, Kabul ediş merkezinde myhmanlary garşylamak üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Täze Kabul ediş merkezinde foruma gatnaşyjylar üçin resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi. Döwlet Baştutanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

2022