Kabulda TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlyk meýilnamasyna gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kabulda TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlyk meýilnamasyna gol çekildi
TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlyk meýilnamasynyň gol çekiliş dabarasy, Kabul, Owganystan (Surat: Owganystanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň “Twitter” hasaby)

“TAPI Pipeline Company Ltd.” Kompaniýasynyň direktory Muhammetmyrat Amanow bilen Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşçisiniň orunbasary Ebadullah Ebad penşenbe güni Kabulda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň howpsuzlyk meýilnamasyna gol çekdi.

Owganystanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşini (NSC) penşenbe güni “Twitter” hasabynda bu meýilnamanyň iri transmilli energiýa taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etjekdigini we Türkmenistany Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýanyň energiýa bazarlaryna baglanyşdyrmak arkaly sebit durnuklylygyny ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.

“TOPH Owganystanyň sebitleýin integrasiýa we howpsuzlyk syýasatynyň möhüm diregi bolup, Hindistan we Pakistan ýaly esasy sebit ýurtlaryny umumy bähbit üçin birleşdirýär” diýip, Owganystanyň NSC-si belledi.

Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa ugry boýunça akdyrmaga mümkinçilik berer. Hindistan bilen Pakistanyň hersi 14 milliard kub metr tebigy gaz, Owganystan bolsa galan 5 milliard kub metrini satyn alar.

“Таliban” hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen baglaşdyrýan demir ýollarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022